Mahaçkalanyň “Dinamosynda” Gurban Berdiýewiň ornuny eýelejek tälimçi belli boldy

  • 09.02.2024 07:03
  • 14k+

Mahaçkalanyň “Dinamosy” öz Telegram kanalynda topara Hasanbi Bijiýewiň ýolbaşçylyk etjekdigini aýtdy. Bu barada rsport.ria.ru belleýär.

56 ýaşly hünärmen şertnama baglaşmak üçin şu gün toparyň Türkiýedäki ýerine barar. Öň, ol Kurskyň “Awangardynda”, Wolgogradyň “Rotorynda” we Nalçikden “Spartakda” işledi.
2012-nji ýylda Mahaçkalanyň “Anžisiniň” sport müdiri wezipesine bellenildi. Soňrak ol niderlandly hünärmen Gus Hiddinkiň tälimçiler ştabyna goşuldy.
1-nji fewralda “Dinamo” Gurban Berdiýewiň öz islegi bilen toparyň baş tälimçisi wezipesinden gidendigini habar berdi. Soňra HBS-de 71 ýaşly hünärmeniň Azerbaýjanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edip biljekdigi barada maglumat peýda boldy.
Mahaçkalanyň kluby 20 tapgyrda 37 utuk bilen Birinji liganyň ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär.


düýn 22:49
3.6k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......