Dünýäde Apple tehnikasyndan iki milliarddan gowrak adam peýdalanýar

  • 08.02.2024 21:45
  • 3.6k+

Dünýäde iki milliarddan gowrak iPhone, iPad, Mac we beýleki Apple gurluşlaryny işjeň ulanyjylar hasaba alynýar. Bu barada kompaniýanyň 2024-nji maliýe ýylynyň birinji çärýegi üçin ýitgileri we girdejileri baradaky hasabatyna salgylanyp, MacRumors neşiri habar berýär.

“Biz işjeň gurluşlar bazamyzyň 2,2 milliarddan geçip, ähli önümler we geografiki segmentler boýunça rekord derejä ýetendigini habar bermäge şat” – diýip, kompaniýanyň baş müdiri Tim Kuk belledi.

2,2 milliard işjeň gurluş kompaniýa üçin täze rekorddyr. Soňky gezek Apple işjeň ulanyjylaryň sanyny 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda mälim etdi, şonda kompaniýa dünýäde 2 milliard ulanylýan gurluşy hasaba aldy.
Neşir kompaniýanyň aýry-aýry gurluşlar boýunça sanlary hödürlemändigini, ýöne dünýäde eýýäm milliarddan gowrak işjeň iPhone-yň bardygyny belleýär.
Häzirki wagtda Apple-iň iň täze önümi Apple Vision Pro garniturasydyr. Ol 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda satuwa çykdy. Täze ýyla çenli kompaniýanyň 500 müňe golaý gurluş satyp bilmegine garaşylýar.


düýn 09:49
718

Meýilnamalar üýtgedi: Apple Siri-ni ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bot etmek isleýär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisini ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bota öwürmegi meýilleşdirýär. Kupertinoly kompaniýa onuň täzelenen wersiýasyny 2026-njy ýylyň iýunynda geçiriljek WWDC konferensiýasynda iOS 27 bilen bilelikde hödürlär diýip, Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berýär...

18.01.2026 15:41
9k+

Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi

BGR portalynyň bilermenleri artykmaçlyklary bilen däl-de, howpludygy, tehniki ýalňyşlyklar ýa-da şowsuz konsepsiýalar sebäpli uzak wagtlap ýatda galan smartfonlaryň sanawyny düzdi. Iň ýaramaz smartfonlaryň sanawyna 13 model girdi...

17.01.2026 13:23
4.1k+

Apple-iň 50 ýyllygy mynasybetli iPhone üçin ilkinji Macintosh-yň stilinde daşlyk çykaryldy

Spigen kompaniýasy iPhone üçin 1984-nji ýylda çykarylan Apple-iň ilkinji şahsy kompýuteri Macintosh 128K-nyň dizaýnyny gaýtalaýan üýtgeşik daşlygy hödürledi. Aksessuar kompaniýanyň 50 ýyllygy mynasybetli döredildi we markanyň muşdaklary üçin köp sanly tanyş elementleri saklaýar: yzky panel 3,5 dýuýmlyk disket üçin slota meňzeýär, gapdal düwmeler bolsa gadymy mehaniki klawiaturalary ýatladýar...

14.01.2026 09:37
1.2k+

«Köpüň biri» serialy tomaşa boýunça Apple TV-niň rekordyny goýdy

«Köpüň biri» (Pluribus) fantastik serialy Apple TV striming hyzmatynyň taryhynda iň köp tomaşa edilen serial boldy. Bu barada platformanyň ýolbaşçylygyna salgylanyp, Deadline habar berýär. Serial Wins Gilligan («Garadangaýtmaz», «Gowusy, Sola jaň ediň») tarapyndan döredildi...