«Samsung» iýul aýynda akylly sagady bilen «Galaxy Ring» akylly ýüzügini tanyşdyrar

  • 08.02.2024 08:23
  • 6.5k+

«Samsung» korporasiýasy tomusda ilkinji akylly ýüzügini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Wccftech» neşiri habar berdi.

Bellenilmegine görä, bu maglumatlary «Samsung Electronics» kompaniýasynyň B2B ugrunyň başlygy Deniel Syn özüniň «LinkedIn» sahypasynda tassyklady. Korporasiýanyň menejeri saglyk we özüňi gowy duýmak üçin täze dakynyp bolýan enjamyň şu ýylyň ikinji ýarymynda satuwa çykaryljakdygyny aýtdy. Görnüşi ýaly, bu ýerde akylly ýüzük göz öňünde tutulýar.
Awtorlaryň pikiriçe, «Galaxy Ring» iýul aýynda tanyşdyrylyp bilner. Şeýle hem «Galaxy Watch 7» akylly sagadynyň yglan edilmeginiň şu döwürde meýilleşdirilýändigi mälim boldy. Şeýlelik bilen, koreý korporasiýasy öz önümleriniň üstüni saglyk we sport üçin täze dakynyp bolýan enjamlar bilen ýetirer.
Ýanwar aýynda yglan edilen akylly ýüzügiň aýratynlyklary aýan edilmedi. Şeýle-de bolsa, pudak analitigi Awi Gringart «Galaxy Ring» enjamynyň aşa ýeňildigini, birnäçe ululykdaky görnüşleriniň bardygyny, saglyga, bedeniň ýagdaýyna we uka gözegçilik etmek aýratynlyklaryna eýedigini aýtdy.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...