Katar Aziýanyň Kubogynyň finalynda Iordaniýa bilen oýnar

  • 08.02.2024 06:56
  • 5.4k+

Kataryň milli ýygyndysy öz ýurdunda geçirilýän futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň ýarym final oýnunda Eýranyň toparyny ýeňdi.

Duşuşyk ýaryşyň ýer eýeleriniň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Ýassim Gaber (17-nji minut), Akram Afif (43) we Almoez Ali (82) gollary derwezä girizdiler.
Eýranyň düzüminde Italiýanyň «Roma» klubunyň türkmen gelip çykyşly hüjümçisi Serdar Azmun (4) hem-de Alireza Jahanbakhş (51) tapawutlanmagy başardylar. Duşuşygyň ikinji ýarymynyň esasy wagtyna goşmaça minutlarda eýranly goragçy Şoja Halilzade gyzyl duýduryş aldy.
Katarlylar ýaryşyň häzirki çempionlarydyr, iordaniýalylar bolsa ilkinji gezek finalda oýnar. Duşuşyk 10-njy fewralda geçiriler.


şu gün 16:18
4.2k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....