Internet torunda “Jenap we hanym Smit” serialy peýda boldy

  • 07.02.2024 18:33
  • 5.7k+

Amazon Prime Video striminginde “Jenap we hanym Smit” atly komediýa romantik trilleriniň birinji möwsümi çykdy. Bu baş keşplerde Bredd Pitt we Anjelina Joli bilen düşürilen adybir filmiň remeýkidir diýip, lenta.ru habar berýär.

Täze serialda şouranner, ahyrky epizodyň režissýory we baş keşbi ýerine ýetiriji hökmünde Donald Glower (“Atlanta”) çykyş etdi. Ýene bir baş keşbi aktrisa we ssenariýaçy Maýýa Erskin ýerine ýetirdi. Sekiz bölümlik seriala Pol Dano we Jon Turturro hem gatnaşdy.
Original filmdäki ýaly sýužet köpçüligiň öňünde är-aýal bolup görünmäge mejbur bolýan iki professional içalynyň töwereginde ýaýbaňlanýar. Olar pul üçin howply missiýalara gatnaşýarlar.
Häzirlikçe serialyň ikinji möwsüme uzaldyljakdygy belli däl.  

şu gün 16:49
424

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....