Jeýms Kemeron “Awataryň” altynjy we ýedinji bölümleri barada pikirlenýär

  • 07.02.2024 17:46
  • 3.3k+

Jeýms Kemeron “Awataryň” altynjy we ýedinji bölümleriniň üstünde işleýändigini gürrüň berdi. Bu barada ol “People” neşiriniň žurnalistleri bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Häzir režissýor “Awatar-3-üň” postprodakşn işlerini tamamlaýar, dördünji filmiň surata düşürilişi bolsa ýarym tamamlandy. Mundan başga-da, Disney 2031-nji ýylda kinoteatrlarda “Awatar-5-i” çykarmagy meýilleşdirýär. Kemeronyň aýtmagyna görä, ol bu bölümiň üstünde hem işjeň işleýär.

“Biz bäşinji filmi doly ýazdyk, altynjy we ýedinji bölümler üçin hem ideýam bar, ýöne, ähtimal, men şol wagta çenli estafetany geçirerin” – diýip, Kemeron çaklaýar.

Kemeron soňky ýyllary diňe “Awatara” sarp edýär, bu hem onuň muşdaklarynyň göwnünden turmaýar. Režissýor şol bir franşizanyň üstünde näme üçin uzak işleýändigi baradaky soragyň özüne ýygy-ýygydan berilýändigini aýdyp, oňa jogap hökmünde kärdeşler bilen ýola goýlan aragatnaşygy ýitirmegiň, töwekgelçilik edip, bu aragatnaşygy kesip biljek hereketi etmegiň zerur däldigini belleýär.
Bir ýyl mundan ozal Kemeron žurnal bilen söhbetdeşlikde üçünji we dördünji bölümleriň arasynda wagt taýdan alty ýyl böküşiň boljakdygyny aýtdy. Gahrymanlaryň mümkin boldugyndan tebigy garramagy üçin, Kemeron ikinji, üçünji we dördünji filmleri bir wagtda surata düşürmek kararyna geldi. 

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....