iPhone 16-nyň dizaýny internetde mälim edildi

  • 07.02.2024 17:39
  • 13k+

Şu ýylda çykjak iPhone 16-nyň çyzgylary internetde peýda bolup, smartfonyň geljekki modeliniň dizaýnyny açdy diýip, “Çempionat” portaly habar berýär.

Meşhur insaýder Majin Bu tarapyndan X platformasynda çap edilen çyzgylardan çen tutsaň, Apple nusgawylyga gaýdyp gelmekçi bolýar, ýagny, iPhone X-dan başlap iPhone 12-ä çenli bolan modellere häsiýetli goşa kameranyň dik ýerleşiş tertibine gaýdyp gelmekçi bolýar.
Bu giňişleýin wideo ýazgy mümkinçiliklerini, şol sanda Apple Vision Pro garniturasy üçin hem, bu babatdaky mümkinçilikleri gowulandyrar diýlip garaşylýar.
Ýene bir aýratynlygy - ýörite surat düwmesiniň goşulmagydyr. Bu element mehaniki gurluşy saklamak bilen bir hatarda, ulanyjylaryň dürli hili düwme basmalaryna duýgur bolar, şeýlelik bilen derrew fokus nokadyny tapmaga we surata düşürmäge, şeýle hem ýakyn-daşlygy sazlamaga mümkinçilik berer.
Geljekki gajetiň Pro wersiýalarynda şol bir ululykdaky displeýleriň boljakdygy, adaty iPhone 16-nyň ekranynyň, çarçuwasynyň inçelmegi bilen bagly, birneme ulaljakdygy bellendi.
Apple baradaky gürrüňlerde gysga seslenmeli duýgur ses düwmeleri barada hem agzalýar.
iPhone 16-nyň tanyşdyrylyş dabarasy sentýabr aýynda geçirilmeli.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...