Bahasy we öndürijiligi babatda iň gowy smartfonlaryň täze sanawy görkezildi

  • 07.02.2024 17:36
  • 10k+

AnTuTu-nyň wersiýasy boýunça Redmi K70E, Redmi K70 Pro we OnePlus 12 baha we öndürijilik taýdan iň gowy smartfonlaryň sanawynda birinji orunda durýar diýip, IXBT.com habar berýär.

Üç enjamyň her biri öz baha kategoriýasynda iň gowusy diýlip ykrar edildi.
Şeýlelik bilen, bahasy 280 dollara çenli bolan smartfonlaryň kategoriýasynda 8/256 GB konfigurasiýasyndaky Redmi K70E iň gowusy diýlip ykrar edildi. Ikinji ýerde 8/256 GB ýady bolan Redmi Note 12 Turbo, üçünji ýerde 12 GB RAM we 256 GB fleş ýady bolan konfigurasiýada Redmi Note 12T Pro durýar.
Bahasy 280 dollardan 420 dollar aralygynda bolan smartfonlardan 12 GB RAM we 256 GB fleş ýady bolan iQOO Neo9 iň gowusy diýlip ykrar edildi. Ikinji we üçünji ýerler 12/256 GB konfigurasiýasynda Redmi K70-e, 16/256 GB konfigurasiýasynda Redmi K60 Ultra degişli boldy.
Iň gymmat bahalylaryň (bahasy 560 dollardan gowrak) arasynda 12/256 GB konfigurasiýasyndaky OnePlus 12 iň gowusy diýlip yglan edildi. Ikinji we üçünji ýerlerde iQOO 12 Pro 16/256 GB we Vivo X100 Pro 12/256 GB durýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...