Xiaomi Poco X6 hatarynyň üstüni Dimensity 6080 prosessory bolan we 180 dollar bahaly Neo modeli ýetirer

  • 06.02.2024 14:59
  • 9.1k+

Xiaomi kompaniýasy Poco X6 hatarynyň täze smartfonyny çykarmaga taýynlanýar. Equal Leaks-den çykan habara görä, geljekki Poco X6 Neo-nyň 180 dollardan satyljakdygy mälimdir diýip, Ferra habar berýär.

Enjam orta aralyk MediaTek Dimensity 6080 prosessory bilen üpjün ediler, bu eýýäm Xiaomi Redmi Note 13 5G we Tecno Pova 5 Pro ýaly enjamlarda ulanylyp ýör.
Smartfonda 33 Wt-lyk çalt zarýad alyjy 5000 mAh akkumulýator bolar.
Enjamyň aýratynlygy - onda täzelenme tizligi 120 Hz bolan 6.67 dýuýmlyk AMOLED ekrany bolar. Durulygy we iň ýokary ýagtylygy ýaly, ekranyň takyk aýratynlyklary entek açylmasa-da, smartfonyň IP54 standarta laýyklykda tozandan we suw damjalaryndan goraglydygyny bilýäris.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...