Täze Redmi A3 2024-nji ýylda Xiaomi-niň iň arzan smartfony bolar

  • 06.02.2024 14:44
  • 16k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy täze, elýeter bahaly Redmi A3 smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar. Enjam brendiň şu ýylky iň arzan smartfonyna öwrüljekdigini wada berýär diýip, PassionateGeekz-e salgylanýan Ferra aýzýar.

Bu modelden ozalkylar - Redmi A2 we Redmi A2 + 4G uly üstünlik gazandylar. Täze önüm ünsi çekiji bahany saklamak bilen bir hatarda, kämilleşen aýratynlyklara we täze dizaýna eýe bolar. Redmi A3-de HD + durulykly (1600 x 720 piksel) 6,71 dýuýmlyk LCD displeý bolar, iň ýokary ýagtylygy 400 nit we 90 Hz täzelenme tizligi alar.
Enjamyň içinde 4 GB LPDDR4X RAM we 64 GB içerki eMMC 5.1 ýady bilen üsti ýetirilen MediaTek prosessor işleýär.
Enjam, hatda, býujet enjamynda-da ulgamyň işlemegini üpjün edýän Android 13 (Go Edition) gutusyndan çykar.
Smartfonyň 13 megapiksel esasy we 8 megapiksel öň kamerasy bar. 5000 mAh-lyk batareýa uzak işlemegini we mikroUSB porty arkaly 10 Wt zarýad goldawy batareýanyň çalt dolmagyny üpjün edýär.
Beýleki aýratynlyklaryň arasynda 3,5 mm-lik ses razýomy, iki SIM karta, 4G, WiFi we Bluetooth 5.0 üçin goldawyň bardygyny bellemelidiris.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...