Fitch reýting agentligi Türkmenistana "B+" derejesini berdi

  • 06.02.2024 12:49
  • 5.9k+

Halkara “Fitch Ratings” baha beriş agentligi Türkmenistanyň daşary ýurt pulundaky bergilerini üzüp biljek uzakmöhletleýin derejesine “B+” ýa-da “Oňyn” görkeziji berdi. 

"Bu reýting derejesi iň ýokary özygtyýarly sap daşary ýurt aktiwleri (SNFA) / JIÖ we iň pes hökümet karzy, "B" deňdeş toparyndaky iň pes döwlet karzy bolan Türkmenistanyň iň güýçli özygtyýarlylyk balansy tarapyndan goldanýar. Bu balans dünýäde dördünji iň uly gaz gorlarynyň eksportynyň hasabyna üpjün edilýär" diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Hünärmenleriň çaklamalaryna görä ýurduň daşarky maliýe ýagdaýlary gowulanar: 2023-nji ýylda SNFA-nyň paýy jemi içerki önümiň 51,5%-e çenli ýokarlanmagy bilen, B kategoriýasynyň ortaça möçberinden hem minus 22.5% dereje boldy. "Likwidligiň görkezijileri hem gowulaşdy we 2025-nji ýyla çenli daşarky bergi hyzmatlarynyň häzirki daşarky girdejileriň 9%-inden, 2021-nji ýyldaky derejesinden 14,8% pes we häzirki deňdeş toparyň ortaça 18,8% galar diýlip çaklanylýar.
Şeýle hem, halkara agentlik hökümetiň halkara gatnaşygyny güýçlendirendigini we BSG-e goşulmak meselesinde öňegidişlik edendigini belleýär.
2023-nji ýylyň fewral aýynda “Fitch Ratings” Türkmenistanyň uzak möhletli daşary ýurt walýutasynyň emitentiniň bahasyny “Durnuklydan” “Oňyn” derejesine üýtgetdi we “B+” derejesinde tassyklady.
“B+” derejesi ýurduň ösüşiň pozitiw derejesinde durýandygyny we möhüm tebigy baýlyklar bilen berk balans görkezýändigini aňladýar. Jemgyýetçilik reýtingi, bir ýurda maýa goýmak mümkinçiligine garaşsyz baha bermek isleýänler bilen birlikde banklar we beýleki guramalar tarapyndan ulanylýar.
Mundan ozal, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň “Fitch Ratings” baha beriş agentligi bilen hyzmatdaşlygy giňeltjekdigini habar beripdik.


düýn 21:16
2.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

düýn 07:40
4.5k+

Yrak ägirt uly nebit ýatagynyň tapylandygyny mälim etdi

Yrak Saud Arabystany bilen serhediň golaýynda, ýurduň günbatar-günortasynda ýerleşýän Nejef welaýatynda iri nebit ýatagynyň tapylandygyny habar berdi. Deslapky çykarylan netijelere görä, gözleg meýdançalarynyň......

01.06.2026 07:34
7.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......