Billi Aýliş “Barbi” filmindäki aýdym üçin “Gremmi” baýragyny aldy

  • 06.02.2024 13:22
  • 4.8k+

Billi Aýlişiň “What Was I Made For?” aýdymy “Ýylyň aýdymy” kategoriýasynda “Gremmi” baýragyna mynasyp boldy. Bu barada CBS teleýaýlymyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Bu kategoriýada ýeňiş üçin şu aýdymlar hem bäsleşdi: Jon Batistiň “Butterfly” (“Barbi” filminden), Lana Del Reýiň “A&W”, Maýli Saýrusyň “Flowers”, Teýlor Swiftiň “Anti-Hero”, Dua Lipanyň “Dance The Night”, Oliwiýa Rodrigonyň “Vampire” we SZA-nyň “Kill Bill” aýdymy.
Billi Aýlişden başga-da, “Gremmi” baýragyny iň gowy täze ýerine ýetiriji hökmünde Wiktoriýa Mone we “Flowers” aýdymy üçin Maýli Saýrus aldy. “Ýylyň iň gowy albomy” üçin heýkele Teýlor Swift mynasyp boldy.
“What Was I Made For?” kompozisiýasy Greta Gerwigiň “Barbi” filmine saundtrek boldy. Ýanwar aýynda aýdym “Iň gowy original aýdym” nominasiýasynda “Altyn globus” baýragyny aldy. 

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....