Google sahypalaryň ätiýaçlyk nusgasyny saklamagyny bes eder

  • 05.02.2024 18:34
  • 1.7k+

«Google» kompaniýasy özüniň gözleg ulgamynyň iň köne aýratynlyklaryndan birinden – saýtlaryň «Google-iň» keşinde saklanýan nusgalaryny görkezmek aýratynlygyndan ýüz öwürmek kararyna geldi. Muny «Google» kompaniýasynyň gözleg hyzmaty boýunça hünärmeni Denni Salliwan «X» sosial ulgamyndaky (öňki «Twitter») öz blogunda tassyklady.

Hünärmen «Google» gözleg ulgamynyň geljekde sahypalaryň «Internet Archive» hyzmatynyň çeşmelerinde saklanýan arhiwlenen nusgalarynyň salgylaryny berip başlajakdygyny çaklady.
«Google-iň» keşindäki sahypanyň nusgasyny görkezmek funksiýasy käbir ulanyjylarda eýýäm 2023-nji ýylyň dekabrynda ýitdi. Şeýle hem ol öçürilen ýa-da üýtgedilen materiallara girmäge mümkinçilik berýärdi.

Sahypalaryň köne nusgalaryna keş görnüşli salgy «Google» gözleg sahypasyndaky her netijäniň gapdalyndaky menýuda ýerleşýärdi. Ulgamyň gözleg robotynyň, sözüň doly manysynda, ähli çeşmeleriň nusgalaryny saklaýandygy sebäpli, «Google-da» tutuş internetiň arhiwi bar, bu maglumatlaryň ululygy birnäçe petabaýta deň (1 petabaýt – 1 müň terabaýt) hasaplanýar.


11.06.2026 14:00
2.6k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....