The Beatles-iň Ýaponiýa syýahatyň dowamynda çeken suraty 1,7 mln dollara satyldy

  • 05.02.2024 01:18
  • 13k+

The Beatles rok-toparynyň agzalary tarapyndan Ýaponiýa konsert syýahatynyň dowamynda çekilen surat Christie’s auksion öýüniň söwdasynda 1,74 mln dollara satyldy. Bu barada Ýaponiýanyň “Yomiuri” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär.

Abstraksionizm stilinde ýerine ýetirilen surat toparyň agzalary tarapyndan 1966-njy ýylyň tomsunda Tokioda geçirilen konsertleriň arasyndaky arakesmelerde adaty ýapon kagyzyna çekildi. Neşiriň maglumatlaryna görä, howpsuzlyk maksady bilen şol günler The Beatles-iň agzalary konsertlerden boş wagtlary hemişe myhmanhanada bolmaly bolýardylar, bu hem olaryň bilelikde surat çekmegine getirdi. Soňrak rok-toparyň gol galdyran suraty “Zenanyň keşpleri” diýlip atlandyryldy.


18.06.2026 22:13
4.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......