Maýkl Jordanyň krossowka kolleksiýasy auksionda rekord mukdara satyldy

  • 05.02.2024 01:17
  • 14k+

“Çikago Bullz” toparynyň meşhur eks-goragçysy Maýkl Jordanyň alty krossowkasyndan ybarat kolleksiýa auksionda 8 mln dollardan gowrak mukdara satyldy. Bu barada ESPN ýaýlymyna salgylanyp, championat.com habar berýär.

Satylan toplum Air Jordan VI (1991), Air Jordan VII (1992), Air Jordan VIII (1993), Air Jordan XI (1996), Air Jordan XII (1997) we Air Jordan XIV (1998) krossowkalaryndan ybarat. Bu krossowkalarda Maýkl Jordan MBA-nyň alty finalynda ýeňiş gazanyp, MVP adyny aldy. Olaryň käbirinde basketbolçynyň goly hem bar.
Habar berlişi ýaly, lotuň ahyrky bahasy 8 032 800 dollar boldy – bu öň sport ýaryşlarynda geýlen krossowkalary satmak boýunça dünýä rekordydyr.

Maýkl Jordan 1984-nji ýyldan 2003-nji ýyl aralygynda Milli basketbol assosiasiýasynda (MBA) çykyş etdi. Ol karýerasynyň dowamynda alty gezek MBA-nyň çempionlygyny utdy we şonça gezek MBA-nyň finalynyň MVP adyny aldy.

şu gün 16:49
427

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....