Samsung-yň täze fitnes-trekeri barada maglumatlar paýlaşyldy

  • 04.02.2024 21:18
  • 3.9k+

«Samsung UAE-niň» resmi web sahypasynda ýakyn wagtda çykjak «Galaxy Fit 3» fitnes-trekeri barada maglumatlar paýlaşyldy. Onda täze enjamyň esasy aýratynlyklary beýan edilýär diýip, «Samsung Community» we «Gadgets & Wearables» habar berýär.

«Galaxy Fit 3» trekeri IP68+5ATM derejeli suwa garşy gorag ulgamy bolan alýumin korpusa eýe bolar. Onuň agramy, takmynan, 21,39 gram bolup, üç reňkde hödürlener: çal, kümüşsöw we gülgüne-altynsow.
Ekranyň ululygy 1,1 dýuýmdan 1,61 dýuýma çenli ulaldylandyr, bu bolsa enjamyň keşbini akylly sagada meňzeş edýär. Ol bir zarýadda, takmynan, 13 gün işläp bilýär.
Täze önümde ganyň kislorod derejesini ölçeýji (SpO2) datçik ornaşdyrylandyr, bu aýratynlygy «Apple» akylly sagatlaryna girizmegi göz öňünde tutýar. 


23.03.2026 00:03
5.1k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.8k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...