AnTuTu-nyň wersiýasyna görä, ýanwar aýynyň iň güýçli smartfony agzaldy. Garaşylmadyk netije alyndy

  • 04.02.2024 12:47
  • 7.9k+

AnTuTu-nyň gözleýji hünärmenleri 2024-nji ýylyň başynda bazardaky iň güýçli smartfony agzadylar. Synagyň netijelerine görä, Oppo Find X7 reýtingde birinji orunda durýar diýip, Gizmochina salgylanýan Ferra habar berdi.

Dimensity 9300 çipi bilen enjamlaşdyrylan smartfon MediaTek-iň prosessorynyň  soňky nesli tarapyndan üpjün edilýän öndürijiligi bilen hünärmenleri haýran galdyrdy.
Oppo Find X7 ulanyjylara diňe bir çalt işleýşi däl, eýsem energiýany ulanmagyň gowulandyrylan netijeliligini teklip etmek bilen, häzirki zaman tehnologiýalarynyň çalt ösmegini dowam etdirýändigini görkezýär.
Synagyň netijeleri garaşylmadyk netijäni berdi, 2024-nji ýylyň başynda smartfonlar üçin täze standarty kesgitlän Galaxy S24 ýa-da Pixel 8 Pro däl-de, Oppo Find X7 bolandygyny belläp, çeşme ýazýar. Beýleki tarapdan, hünärmenler Xiaomi-niň, Realme-niň we ş.m.-leriň ýagdaýy öz peýdalaryna üýtgedip biljek, öň yglan edilen täze önümlerine garaşýarlar.

şu gün 20:25
86

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
230

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
549

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......