Hemilton «Ferrari» bilen şertnama baglaşdy

  • 04.02.2024 20:35
  • 4k+

Ýedi gezek dünýä çempiony we «Mersedesiň» sürüjisi Lýuis Hemilton 2025-nji ýyl möwsüminden başlap, «Ferrari» toparyna wekilçilik eder diýip, «Sky Sports» habar berýär.

Çeşmäniň maglumatyna görä, ylalaşyk  eýýäm gazanyldy, şonuň üçin iki tarap hem öňdäki 2024-nji ýyl möwsüm başlamazdan öň 2025-nji ýylda hyzmatdaşlygyň başlanjakdygyny habar bermegi meýilleşdirýär. Hemiltonyň topara geçendigi barada ýakyn günlerde resmi taýdan yglan edilmegine garaşylýar.
Britaniýaly sürüjiniň «Mersedes» bilen häzirki şertnamasy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli niýetlenendir. Şertnama görä, türgen üçin soňky möwsüm 1+1 mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr.
Geçen möwsüm Hemilton sürüjileriň umumy sanawynda 234 utuk bilen üçünji orny eýeledi. Birinji orny Awstriýanyň «Red Bull» ýaryş toparyna wekilçilik edýän (575 utuk) niderlandly Maks Werstappen mynasyp boldy.


29.05.2026 15:15
18k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....