Alymlar ilkinji gezek Aý tozanyndan ybarat toprakda nohut ösdürip ýetişdirmegi başardylar

  • 03.02.2024 16:38
  • 9.6k+

Tehasyň A&M uniwersitetiniň (TAMU) amerikaly alymlary ilkinji gezek dörtden üç bölegi regolitden – Aý tozanyndan ybarat toprakda nohut ösdürip ýetişdirmegi başardylar. Barlag işleri ylmy edaranyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.

«Aýda Ýerdäki ýaly toprak ýok. Planetamyzda toprak ösümlikleriň ösmegini goldaýan ýokumly maddalar we mikroorganizmler bilen doldurylan organiki materiallary öz içine alýar. Aýda olaryň hiçisi ýok. Muny dartyş güýjüniň peselmegi, radiasiýa we toksinler ýaly beýleki meseleler hasam kynlaşdyrýar» diýip, ylmy işiň awtory, TAMU-nyň aspiranty Jessika Etkin aýtdy.

Etkin we onuň kärdeşleri topragy dikeltmegiň mehanizmlerinden peýdalanyp, Aýyň tozanyna hasyllylyk häsiýetlerini bermek üçin peýdaly kömelekleriň we biogumusyň özara täsirini ulandylar.
Bu goşundylar zäherli hapalaýjylary izolirläp, topragyň gurluşyny gowulaşdyrdy hem-de ondaky ösümlikleri ýaşaýşa has ukyply we çydamly etmegi başardy. Toprak kömelekleri toksinleri izolýasiýa edýär, zyýanly maddalar kök ulgamy arkaly ekinlere girmezden ozal duzaga düşýär.
Biokompost gurçuklaryň möhüm işjeňliginiň netijesinde emele gelýär. Alymlaryň pikiriçe, Aýa gurçuklaryň käbir görnüşleri iberilip bilner, bu oňurgasyzlar kosmonawtlaryň biologiki galyndylaryny dökün hökmünde gaýtadan işlemäge kömek ederler.
Ýer ýüzünde nohut, takmynan, 100 günde ösüp ýetişýär. Aý tozany garylan toprakda ösümliklere ýetişmek üçin 120 gün gerek boldy.
Alymlar bu synaglaryň geljekdäki Aý missiýalaryna gatnaşyjylaryň özlerini belokly iýmitler bilen üpjün etmegine we Ýerden getirilýän zatlara az derejede garaşly bolmagyna kömek etjekdigine ynanýarlar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....