Bred Pitt režissýor Tarantinonyň soňky filminde surata düşer

  • 03.02.2024 13:49
  • 6.5k+

Kwentin Tarantino üçünji gezek öz filmleriniň surata düşürilişine Bred Pitti çagyrdy. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, Golliwud ýyldyzy meşhur režissýoryň “Kino tankytçysy” atly soňky filminde surata düşer. Bu barada gazeta.ru belleýär.

Häzirki wagtda Pittiň kimiň keşbini ýerine ýetirjekdigi belli däl. Geçen gezek aktýor “Günleriň bir güni Golliwudda” filminde ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi üçin “Oskar” baýragyna mynasyp boldy. Ol Tarantinonyň “Biabraý nejisler” (“Inglourious Basterds”) filminde-de surata düşdi.
Tarantino iň soňky filminiň sýužetini aýan etmeýär. Öň, ol filmiň wakalarynyň 1977-nji ýylda Kaliforniýada bolup geçýändigini we onuň hakykatdanam ýaşan, ýöne hiç haçan meşhur bolmadyk kino tankytçysynyň durmuşyna esaslanýandygyny gürrüň beripdi.

şu gün 16:49
875

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

düýn 20:14
3.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.3k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.6k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....