Apple ýene bir MacBook Pro-ny resmi taýdan könelişen diýip ykrar etdi

  • 02.02.2024 19:31
  • 3.2k+

Apple 2012-nji ýylyň ortalarynda çykarylan 13 dýuýmlyk MacBook Pro-ny könelişen önümleriň hataryna goşdy. Bu barada MacRumors neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

2012-nji ýylyň iýun aýynda çykarylan MacBook Pro içindäki CD/DVD herekete getirijili iň soňky Mac boldy. Ol 2016-njy ýylyň oktýabr aýyna çenli satyldy, şondan soň başga bir model bilen çalşyryldy. Apple CD/DVD herekete getirijisi gerek bolan müşderiler üçin daşarky SuperDrive-y satmagyny dowam edýär, ýöne ony döwrebap MacBook bilen ulanmak üçin USB-C adapteri gerek bolýar.
Apple gurluşy satuwdan aýrylandan ýedi ýyldan gowrak wagt geçensoň, “tehnologiki taýdan könelişen” diýip hasaplaýar. Şeýle-de bolsa, gürrüňi edilýän MacBook-yň mugt akkumulýator çalşygynyň satuwa çykan wagtyndan bäri 10 ýyl bilen çäklenýän uzaldylan möhletine hukugy bardyr.
Programma üpjünçiligi barada aýdylanda, Apple 2012-nji ýylyň ortalaryndaky 13 dýuýmlyk MacBook Pro-ny 2020-nji ýylda goldamagyny bes etdi. Bu model üçin macOS-yň iň ýörgünli wersiýasy Big Sur-dyr. 


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...