Täze Zelandiýa dünýäde ilkinjileriň biri bolup düzüminde “hemişelik himikatlar” bolan kosmetikany gadagan eder

  • 02.02.2024 19:24
  • 9.9k+

Täze Zelandiýanyň Daşky gurşawy goramak edarasy düzüminde “hemişelik himikatlary” saklaýan kosmetika önümlerini gadagan etmek meýilnamasyny yglan etdi. Bu barada Agence France-Presse (AFP) agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, Phys.org portaly habar berýär.

PFAS (per- we poliftoralkil birleşmeleri) egin-eşik önümçiligi, azyk gaplamasy we aşhana gap-gaçlary ýaly köp pudaklarda giňden ulanylýan maddalardyr. Olar dargama garşy durnuklylygy bilen bellidirler, şol sebäpli olara “hemişelik himikatlar” diýilýär.
Şeýle himikatlar organizme diňe bir agyz suwunyň üsti bilen däl, eýsem PFAS düzümli materiallara gaplanan önümler arkaly hem düşýär. PFAS rak keselini, çagalarda dogabitdi ösüş kemçiliklerini, bagyr we galkan görnüşli mäz kesellerini, immunitetiň azalmagyny we gormonal bozulmalary güýçlendirip biler.
Kosmetikada PFAS dyrnak üçin laklara, sakgal gellerine, tonal kremlere, pomadalara we tuşlara goşulýar, sebäbi bu maddalar bilen önümler has suwuk we suwa çydamly bolýar.
Taslama laýyklykda, 2027-nji ýyla çenli Täze Zelandiýada “hemişelik himikatlary” saklaýan kosmetika serişdelerini satmak gadagan ediler. 2025-nji ýylyň dekabr aýyndan bolsa ýurtda per- we poliftoralkil goşundylary bolan ýangyn söndüriji köpürjikleri ulanmak gadagan ediler.


04.05.2026 12:48
3.9k+

Kiwi guşlary bir asyr gowrak wagtdan soň Wellingtona dolanýarlar

Täze Zelandiýanyň paýtagty Wellingtonda bir asyrdan gowrak wagt mundan ozal by ýerlerden ýitirim bolan kiwi guşlaryny yzyna getirmek boýunça uly maksatnama amala aşyrylýar. Bu taslamanyň çäginde sebitiň tebigy......

30.11.2025 10:09
9.4k+

Täze Zelandiýada seýrek haýwanlary goramagyň hatyrasyna ýabany pişikleri ýok edýärler

Täze Zelandiýanyň hökümeti ýabany pişikleri 2050-nji ýyla çenli doly ýok etmek maksady bilen, olary ýyrtyjylara garşy göreşmegiň milli strategiýasyna goşmak kararyna geldi. Tebigaty goramak ministri Tama Potaka pişikleriň ýurduň biodürlüligine çynlakaý howp salýandygyny nygtady...

27.11.2025 11:44
5.7k+

Täze Zelandiýada gülgüne reňkli çekirtge tapyldy: bu onuň durmuşyny kynlaşdyrar

Täze Zelandiýanyň Ýabany haýwanat dünýäsini goramak departamentiniň hünärmenleri Sigaus robustus görnüşine degişli gülgüne çekirtgäni tapdylar. Beýle üýtgeşiklik tebigatda örän seýrek duş gelýär. Emma şeýle açyk reňkiň howply tarapy hem bar – ol çekirtgäni ýyrtyjylara mese-mälim edip görkezýär...

12.10.2025 11:14
9.7k+

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy 2253 sözden ybarat ady alyp, rekord goýdy

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy Lourens Uotkins dünýäde iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň doly ady 2253 sözden durýar diýip, Daily Mail ýazýar. Waka 1990-njy ýylyň martynda, Uotkinsiň öz şahsy maglumatlaryny üýtgetmek kararyna gelip, öz adyna iki müňden gowrak ikinji ady goşmagy bilen başlady...