TikTok ulanyjylaryň dükanlara göni baglanyşyk alyp bilmekleri üçin, wideolarda harytlaryň açylyşyny barlaýar

  • 03.02.2024 13:36
  • 7.3k+

TikTok gysga wideo hyzmaty TikTok Shop-da satyn almak üçin baglanyşyk birikdirip, wideolardaky önümleri awtomatiki kesgitlemek aýratynlygyny synagdan geçirýär diýip, Bloomberg-e salgylanýan 3DNews habar berdi.

Platformanyň ulanyjylary şeýle aýratynlygyň ýüze çykandygyny geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri habar berip gelýärler we “TikTok Shop-dan şuňa meňzeş harytlary tapyň” diýip çykýan düwme sentýabr aýyna degişli wideolarda göründi. Platformanyň wekilleri bu aýratynlygy Angliýada we ABŞ-da az sanly ulanyjy bilen synap görýändiklerini habar berdiler.
Häzir ABŞ-da TikTok Shop-yň awtorlara öz wideolaryna önümlere baglanyşyk goşmaga mümkinçilik berýän bölümi açyldy, ýöne bu mümkinçiligi almak üçin awtorlar we brendler TikTok-yň administrasiýasynyň makullamasyny almaly. Wideodaky harytlary awtomatiki kesgitlemek platformadaky elektron söwdanyň mümkinçiliklerini ep-esli giňelder. Kompaniýa ABŞ-daky satuwlaryny 2024-nji ýylda 17,5 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär.
Söwda teklipleri aýratynlygy Pinterest-e, Google Lens-iň gözleg bölümlerine we onuň has täze wersiýasy Circle to Search-e ornaşdyrylýar. Hytaýyň sosial ulgamynda bu aýratynlyk kemçilikler bilen işleýär. Mysal üçin, bir aýalyň daşlary ýalpyldadyp-ýylmaýan wideosynda ulgamyň altyn ýüzük we ýasama dyrnaklary teklip edendigi bellendi.


şu gün 15:58
779

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......