OnePlus täze arzan Nord N30 SE smartfonyny tanyşdyrdy

  • 01.02.2024 16:16
  • 9.9k+

«OnePlus» täze arzan «Nord N30 SE» smartfonyny tanyşdyrdy. Täze önüm 2022-nji ýylda çykan «Nord N20 SE» modeliniň mirasdüşeri bolup, elýeterli enjamlaryň arasynda täze hit boljakdygyny wada berýär.

«OnePlus Nord N30 SE» göwrümi we agramy bilen täsir galdyrýar: 165,6×76×7,99 mm we bary-ýogy 193 gram. Ol açyk we dury şekil döredýän FullHD+ durulygy bolan 6,72 dýuýmlyk IPS displeýi bilen üpjün edilendir.
Merkezi kesişde ýerleşýän 8MP frontal kamera selfi we wideojaňlar üçin örän amatlydyr.
Arka tarapynda kuwwatly 50 megapiksellik esasy kamera we goşmaça 2 megapiksellik çuňluk datçigi ýerleşýär, bu bolsa surata düşürmek bilen gyzyklanýanlar üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.
Enjam «Dimensity 6020» çipi bilen işleýär, ol öndürijiligi boýunça «Helio G99» bilen deňeşdirilip bilner.
4 GB operatiw ýat we 128 GB goşmaça ýat bilen «Nord N30 SE» maglumatlary saklamak üçin ýeterlik ýer we ykjam goşundylaryň akgynly işlemegini kepillendirýär. 5000 mA/s akkumulýator we 33 Wt çalt zarýad beriş goldawy ýygy-ýygydan zarýad bermek zerurlygy bolmazdan batareýanyň uzak ömrüni üpjün edýär.
«OnePlus» häzirlikçe «Nord N30 SE» smartfonunyň resmi bahasyny yglan etmedi, ýöne onuň 200 dollardan geçmejekdigi çaklanylýar.

şu gün 20:25
1.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.5k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
2.2k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......