Apple iPhone 15 Pro Max-da film surata düşürdi

  • 01.02.2024 16:06
  • 8.5k+

«Apple» kompaniýasy resmi «YouTube» kanalynda tutuşlygyna «iPhone 15 Pro Max-da» surata düşürilen gysga metražly çeper filmi paýlaşdy.

Film «Kiçijik sarymsak» diýlip atlandyrylýar. Onda daşky keşbinden nägile we bu sebäpli gamlanýan, ýöne ulaldygyça özüne bolan şübhesini ýeňip geçýän hytaýly ýetginjek gyz barada gürrüň berilýär. Filmde sosial ulgamlar, gyzyň kakasy we onuň tötänleýin ýüzüni üýtgetmek ýaly jadyly ukyba eýe bolmagy barada beýan edilýär.
«Kiçijik sarymsak» bary-ýogy 15 minut dowam edýär. Filmi Golliwudyň režissýory Mark Uebb surata düşürdi, onda baş keşbi hytaýly kino ýyldyzy Fan Weý ýerine ýetirdi. Ssenariniň döredilmegine meşhur hytaý ýazyjysy Pan Iran gatnaşdy.

«Aždarha ýylyna daşky keşbini üýtgetmekde aýratyn ukyby bolan ýaş gyz hakyndaky hekaýa tomaşa etmek bilen başlaň. «Apple» kompaniýasy režissýor Mark Uebb bilen bilelikde size häzirki zaman dünýäsinde durmuşdaky ornuňy gözlemek hakynda ajaýyp we gussaly hekaýany hödürleýär» diýlip, wideonyň düşündirişinde ýazylýar.

«Apple-iň» «YouTube» kanalyndaky filme 24 sagadyň dowamynda 238 müň gezek tomaşa edildi we 12 müňden gowrak "halandym" aldy. Wideo barada teswir ýazmak mümkinçiligi ýapykdyr.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...