Türkmenistanda «Ýylyň gümrük nokady» we «Göreldeli gümrük işgäri» yglan edildi

  • 31.01.2024 17:59
  • 17k+

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Döwlet gümrük gullugy tarapyndan yglan edilen «Ýylyň gümrük nokady» we «Göreldeli gümrük işgäri» bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek dabaralary geçirildi.

Gullugyň hukuk tertibini, kanunçylyk binýadyny berkitmäge we kämilleşdirmäge  goşan şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli we birkemsiz ýerine ýetirmekde gazanan ýokary görkezijileri, harby gullukçylary hünär taýdan kämil derejede taýýarlamakda görkezen aýratyn netijeleri boýunça Döwlet gümrük gullugynyň öňdebaryjy harby gullukçylary «Göreldeli gümrük işgäri» bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olara degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle hem «Ýylyň gümrük nokady» bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Döwlet gümrük gullugynyň edaralarynda harby tertip-düzgüni berjaý edip, gümrük nokadynyň talaba laýyk saklanylyp, daş-töwereginiň abadançylygyny üpjün etmekde şeýle-de 2023-nji ýylyň dowamynda aýratyn ýokary görkezijileri we gulluk işleri nazara alnyp, Gullugyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň Howdan awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Howdan» gümrük nokady «Ýylyň gümrük nokady» diýlip yglan edildi we gümrük nokadynyň müdirine degişli şahadatnama gowşuryldy.


şu gün 07:42
853

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......