Realme kuwwatly kameralary bolan 12 Pro we 12 Pro+ smartfonlaryny tanyşdyrdy

  • 31.01.2024 17:52
  • 9.1k+

«Realme» Hindistanda täze «Realme 12 Pro+ 5G» we «Realme 12 Pro 5G» smartfonlaryny tanyşdyrdy. Iki täze önüm hem «Android 14-iň» dolandyrmagynda «Realme UI 5.0» ulgamy bilen işleýär.

Olaryň ekranlarynyň aýratynlyklary birmeňzeşdir: olar «Full HD+» (1080x2400 piksel) durulykly, 120 Hz çenli täzeleniş tizligi, 240 Hz diskretizasiýa tizligi we 2160 Hz giňişlik-impuls modulýasiýa gözegçilik ýygylygy bolan 6,7 dýuýmlyk OLED displeýi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ekranlaryň iň ýokary ýagtylygy 950 nit-e ýetýär. Ekranlar rahatlygy we gözüň goraglylygyny üpjün edýän «TUV Rheinland» pes gök yşyk sertifikatyna eýedir.
Akkumulýatoryň sygymy 5000 mA/s bolup, 67 Wt «SuperVOOC» zarýad berijini goldaýar. Çalt zarýad beriş tehnologiýasynyň bary-ýogy 48 minutda batareýany 100% doldurmaga mümkinçilik berýändigi aýdylýar. Awtonom iş dowamlylygy garaşma tertibinde 390 sagada ýetýär.
«Realme 12 Pro+ 5G-niň» öndürijiligine «Adreno 710 GPU» grafika prosessory bilen utgaşdyrylan we 12 GB çenli operatiw ýady bolan «Qualcomm Snapdragon 7s Gen 2» prosessory jogap berýär. Swap-faýlyň kömegi bilen operatiw ýady ýene 12 GB giňeldip bolýar. Goşmaça ýadyň göwrümi 256 GB-a ýetýär. Uly modelden tapawutlylykda, «Realme 12 Pro 5G» 8 GB operatiw ýat bilen birleşdirilen «Qualcomm Snapdragon 6 Gen 1» prosessory bilen işleýär. Operatiw ýat 16 GB çenli giňeldilip bilner.
«Realme 12 Pro+ 5G» datçikleri bolan üç esasy kamera bilen üpjün edildi: 50 MP esasy modul (Sony IMX890, OIS), 8 MP giň burçly obýektiw we 64 MP telefoto obýektiw. Selfi kamerasynyň mümkinçilikleri 32 MP. Kamera 120 esse sanly zum ulgamyny goldaýar. «Realme 12 Pro 5G» bolsa 50 MP esasy datçige (Sony IMX882, OIS), 8 MP giň burçly obýektiwe we 32 MP telefoto obýektiwe eýedir. Selfi kamerasynyň mümkinçilikleri 16 MP.
Smartfonlar goşa SIM-kart (Nano), 5G, Wi-Fi, Bluetooth we GPS/AGPS-i goldaýarlar. Mundan başga-da, «Dolby Atmos» ses tehnologiýasy esasynda iki sany «Hi-Res» dinamigi göz öňünde tutulandyr. IP65 standartyna laýyklykda, suwdan we tozandan gorag ulgamynyň bardygyny hem bellemek gerek.
Iki täze önüm hem 6-njy fewraldan satuwa çykarylar. «Realme 12 Pro+ 5G-niň» bahasy 360 dollardan, «Realme 12 Pro 5G-niňki» bolsa 313 dollardan başlaýar.

şu gün 20:25
86

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
230

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
549

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......