Afrika milletleriniň kubogynyň 1/4 finalynyň ähli jübütleri belli boldy

  • 31.01.2024 17:44
  • 6.3k+

Afrika milletleriniň kubogynyň 1/8 finalynyň dördünji oýun güni tamamlandy. Onuň jemi boýunça ýaryşyň dörtden bir finalyna gatnaşjak ähli jübütler belli boldy.

Afrikanyň kubogy. 1/4 final.

  • Nigeriýa – Angola;
  • Kabo-Werde – GAR;
  • Mali – Kot-d’Iwuar;
  • Kongo DR – Gwineýa.

Ýatlap geçsek, Afrika milletleriniň kubogy soňky gezek 2022-nji ýylda geçirildi. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi Senegalyň milli ýygyndysydyr, topar final oýnunda Müsüriň milli toparyny penalti tapgyrynda utdy – 0:0 (pen. 4:2).
2024-nji ýylda Afrikanyň kubogy 13-nji ýanwardan 11-nji fewral aralygynda Kot-d’Iwuarda geçirilýär. Ýaryşyň oýunlary bäş şäherdäki (Abijan, Buake, Korogo, San-Pedro, Ýamusukro) alty stadionda geçýär.


düýn 23:57
804

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
7.9k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
8k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......