Samsung Galaxy S24 smartfonlary rekord mukdarda satyldy

  • 31.01.2024 15:25
  • 13k+

«Samsung» korporasiýasy «Galaxy S24» seriýaly smartfonlary rekord mukdarda satmagy başardy. Bu barada lenta.ru ZDNet neşirine salgylanyp habar berýär.

Kompaniýa Günorta Koreýada 19 – 25-nji ýanwar aralygynda deslapky sargytlar boýunça 1,21 million sany enjam satmagy başardy. Deňeşdirsek, öňki «Galaxy S23» seriýasyna degişli enjamlaryň 1,09 million sanysy satylypdy. «Galaxy S24» seriýasy 17-nji ýanwarda tanyşdyryldy.
Öňünden sargytlaryň 60 göterimi iň ýokary derejeli «Galaxy S24 Ultra» modeli üçindir. Ulanyjylaryň 21 göterimi «Galaxy S24+», 19 göterimi «Galaxy S24-i» saýlady. Sarp edijiler esasan gara reňkli titan smartfonlary saýlaýarlar.
Bellenilmegine görä, «Galaxy S24» smartfonlary 2019-njy ýylda satuwa çykarylan we 1,38 million nusgada satylan «Galaxy Note 10» enjamlarynyň meşhurlygyndan öňe geçip bilmedi. Emma şol döwürde kompaniýa deslapky sargyt boýunça ýüz tutmalary 7 gün däl-de, 11 gün kabul etdi.


düýn 12:16
3k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....

12.05.2026 14:43
6.6k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

09.05.2026 08:01
5.5k+

Seulda günortanky uky boýunça ýaryş geçirildi

Seulda adamlaryň ukusyzlyk meselesine üns çekmek maksady bilen, gysga wagtlyk gündizki uky boýunça ýaryş geçirildi....

13.04.2026 15:19
3.2k+

Günorta Koreýa ilatyny mugt mobil interneti bilen üpjün eder

Iýun aýyndan başlap, Günorta Koreýada mobil internetine ählumumy mugt elýeterlilik girizilýär diýip, ýurduň Ylym ministrligine salgylanyp, «The Register» neşiri habar berýär....