Özbegistan we Günorta Koreýa futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň 1/4 finalyna çykdy

  • 31.01.2024 08:40
  • 7.7k+

Katarda futbol boýunça Aziýanyň Kubogy dowam edýär. Sişenbe güni, 30-njy ýanwarda ýaryşyň 1/8 finalynda El-Wakradaky "El-Janub" meýdançasynda Özbegistan 2:1 hasabynda Tailandy utdy.

Hasaby 37-nji minutda özbek toparynyň oýunçylary açdy, Azizbek Turgunbaýew gol geçirdi. 65-nji minutda ýeňiş goluny tora Abbosbek Faýzullaýew girizdi.
Tailand üçin ýeke-täk goly hasabyna Supaçok Saraçat ýazdy (58-nji minut).
Şeýlelik bilen, Özbegistanyň milli ýygyndysy dörtden bir finala çykdy we indi Kataryň topary bilen duşuşar.
Günüň ikinji oýny Er-Raýýandaky "Edýukeýşn Siti" stadionynda Saud Arabystanynyň we Günorta Koreýanyň milli toparlarynyň arasynda geçirildi. Bu oýnuň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Penalti tapgyrynda koreýalylar üstün çykdy (4:2).
Bu oýunda birinji goly arakesmeden soň 46-njy minutda Saud Arabystanynyň hüjümçisi Abdulla Radif geçirdi. Oýnuň 90+9-njy minutynda Çho Kýu Sun hasaby deňledi.
Ýaryşyň indiki tapgyrynda Günorta Koreýanyň topary awstraliýalylar bilen duşuşar.


şu gün 16:18
5.5k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....