1-nji fewralda "Al-Nasr" bilen "Inter Maýami" ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

  • 30.01.2024 23:00
  • 15k+

Penşenbe güni, 1-nji fewralda Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" futbol kluby Er-Riýadyň möwsümleýin kubogynyň ýoldaşlyk oýnunda "Inter Maýami" amerikan kluby bilen oýnar. Oýun Er-Riýaddaky "Kingdom Arena" stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 23:00-da başlar. 

Oýna argentinaly hüjümçi Lionel Messi bilen portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Mundan öň, 29-njy ýanwarda bu ýaryşyň çäklerinde "Inter Maýami" saud kluby "Al-Hilýal" bilen oýnady. Er-Riýadyň "Kingdom Arena" stadionynda geçirilen oýun saudlylaryň peýdasyna 4:3 hasabynda tamamlandy.
Messi "Inter Maýamide" 2023-nji ýylyň iýun aýyndan bäri çykyş edýär, amerikan kluby bilen şertnama 2025-nji ýyla çenli hereket edýär.
Ronaldu "Al-Nasr" klubuna geçen ýylyň ýanwar aýynda geçdi, onuň bu topar bilen şertnamasy 2025-nji ýyla çenli niýetlenýär.


şu gün 10:53
164

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
3.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......