Hytaýdan gelen wekiliýetiň agzalary üçin Arkadag şäherine gezelenç gurnaldy

  • 30.01.2024 18:06
  • 7k+

29-njy ýanwarda Hytaý Halk Respublikasynyň Hao Minsziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary üçin medeni maksatnama hem taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde myhmanlar Arkadag şäherine baryp gördüler we täze şäheriň häkimi bilen duşuşdylar.

Dostlukly ýurduň wekilleri “akylly” şäherde ulanylýan sanly we “ýaşyl” tehnologiýalar bilen tanyşdyryldy. Hytaýly myhmanlara täze şäheriň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada gürrüň berildi.
Hytaý tarapynyň wekilleri mähirli kabul edilendikleri hem-de “akylly” şäher bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirip, bu şäheriň şähergurluşyk ulgamynda nusgalykdygyny nygtadylar.


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
7.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.6k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
1.9k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....