iOS 18 Apple-iň taryhynda operasion ulgamynyň iň uly täzelenmesi bolar

  • 30.01.2024 13:41
  • 4k+

Apple operasion ulgamynyň iň uly täzelenmesini – iOS 18-i çykarmaga taýýarlanýar. Anonsyň Bütindünýä işläp düzüjiler konferensiýasynda (WWDC) bolmagyna garaşylýar diýip, 9to5Mac salgylanyp, ferra.ru habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, täze operasion ulgam kompaniýanyň taryhynda iň uly iOS täzelenmesi bolar. Insaýderler Apple-iň programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak boýunça ýolbaşçysy Kreýg Federiginiň Crystal atly operasion ulgamyň “ähli perimetr boýunça uly üýtgeşmeleri” öz içine aljakdygy baradaky sözlerine salgylanýarlar.
iOS 18-de garaşylýan esasy üýtgeşmeleriň arasynda – emeli aňly we LLM ulanmak mümkinçiligi bilen Sisi-niň täzelenen wersiýasy, “SMS” programmasyna emeli aňyň integrasiýasy, şahsy pleýlistleri döreder ýaly Apple Music üçin täze emeli aň funksiýalary, Keynote we Pages ýaly iWork programmasyna integrirlenen generatiw emeli aň mümkinçilikleri, programmalary işläp taýýarlamagyň optimizasiýasy üçin Xcode üçin generatiw emeli aň funksiýalary bar.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...