Tesla Buffalo zawodynda Dojo superkompýuterini gurmak üçin 500 million dollar maýa goýar

  • 30.01.2024 12:55
  • 3.4k+

Tesla kompaniýasy Nýu-Ýorkuň Buffalo şäherindäki Gigafactory klasterinde Dojo superkompýuterlerinden birini gurmak üçin 500 million dollar maýa goýýandygyny ITHome-e salgylanýan IXBT.com habar berýär.

Taslama üçin ýer saýlanda kompaniýa döwletiň ygtybarly energiýa üpjünçiliginiň, köp sanly zehinli hünärmenleriniň we taslama üçin elýeterli ýeriň bolmagyndan ugur aldy.
Nýu-Ýorkuň gubernatory Keti Hokul bu taslama 500 million dollar maýa goýuljakdygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, Nýu-Ýork Döwlet Uniwersitetinde (SUNY) emeli aň ulgamyna esaslanýan ýene bir garaşsyz superkompýuteriň gurluşygy barada ilkinji gezek yglan edildi.
Teslanyň Nýu-Ýorkdaky Gigafabrigi häzirki wagtda Supercharger stansiýalary üçin Gün panellerini, Gün üçeklerini we elektrik böleklerini öndürýär. Şeýle hem, kompaniýada awtonom awtoulaglar hakyndaky maglumatlary seljermäge ýöriteleşen işgärler topary bar.
Dojo superkompýuteriniň, emeli aňy okatmaga ýardam etjek, ulagyň datçiklerinden alnan  köp mukdardaky maglumatlary gaýtadan işlemegine garaşylýar. Teslanyň FSD Beta ulgamyndan başga-da, dünýäniň iň güýçli hasaplaýyş toparlaryndan biri bolan Dojo, başga-da köp ulanyp boljak ýagdaýlara eýe bolar.


03.06.2026 23:03
6.3k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

26.05.2026 16:48
6.7k+

Pentagon uçýan näbelli obýektler barada täze materiallary neşir etdi

Pentagon UNO (uçýan näbelli obýektler) hökmünde belli bolan nätanyş adatdan daşary hadysalar baradaky gizlin resminamalaryň ikinji bölegini köpçülige hödürledi. Täze neşir edilen topluma harby we raýat......