Toyota Ýewropadaky satuw rekordyny täzeledi. Şol bir wagtyň özünde, Toyota GR86 sport awtoulagy Toyota Prius-dan has meşhur boldy

  • 30.01.2024 13:54
  • 7.6k+

Toyota 2023-nji ýylda Ýewropada (Lexus awtoulaglaryny hem goşmak bilen) 1173419 sany awtoulag satdy. Brendiň iň meşhur awtoulagy Yaris Cross krossoweri boldy (185 569 sanysy satyldy) diýip, Motor1-e salgylanýan IXBT.com habar berdi.

Şereketiň iň köp satylan ikinji awtoulagy Toyota Corolla (166925), üçünjisi Toyota CH-R ykjam krossoweri boldy.
Ýewropalylaryň Prius gibridine (2755) garanda, elýeter bahaly Toyota GR86 (4041 awtoulag satyldy) sport ulagyny satyn almagy makul bilendigi bellärliklidir.


Hünärmenleriň pikiriçe, munuň birnäçe düşündirişi bar. Birinjiden, Ýewropadaky Prius iň uly motor gammasyna eýe däl: mysal üçin adaty gibridi ýok - diňe plug-in gibrid görnüşi hödürlenýär. Ikinjiden, täze Prius-yň müşderilere gowşurylyşy 2023-nji ýylyň başyndan başlanmady. GR86-nyň meşhurlygynyň mümkin bolan üçünji sebäbi, ýakyn wagtda onuň bazardan gitjegidir: Ýewropada 2024-nji ýylyň ahyrynda bu modeliň satuwy bes ediler. Käbir ýewropaly müşderiler mümkinçilik bar wagty awtoulag satyn alyp galmak isleýärler.


düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......