Suratkeşleriň hukuklaryny goramak üçin emeli aň tarapyndan döredilen suratlary zaýalaýan programma döredildi

  • 30.01.2024 12:07
  • 6.7k+

Çikago uniwersitetinden amerikan hünärmenleriniň topary suratkeşleriň asyl eserlerini emeli aň arkaly göçürilmekden goramak üçin niýetlenen «Nightshade» atly programma guralyny döretdi. Bu barada gazeta.ru Techcrunch portalyna salgylanyp habar berýär.

«Nightshade» şekilleri «kölegelemek» diýlip atlandyrylýan usul bilen üýtgedýär. Ol şeýdip faýlyň maglumatlaryny üýtgedýär, şeýlelikde, neýroulgam «kölegelenen» faýly gaýtadan döredip bilmeýär. «Nightshade» taslamasynyň ýolbaşçysy professor Ben Çžao bu guraly "ofis sowadyjysyndan ogurlanmazlygy üçin günortanlyk naharyna ajy sous goşmak" bilen deňeşdirdi.
«Nightshade» şekillerdäki pikselleri redaktirläp, tekst ýazgylarynyň arasyndaky baglanyşyklary nyşana alýar, bu bolsa emeli aň modelleriniň adamyň görýän şekillerinden düýpgöter başgaça şekili döretmegine sebäp bolýar.
Modeller «kölegelenen» faýllaryň aýratynlyklaryny ýalňyş görkezer we eger olara ýeterlik derejede üýtgedilen maglumatlar boýunça tälim berlen bolsa, talaba gabat gelmeýän grafikalary döredip başlar. Durnukly diffuziýanyň (emeli aň bilen şekil döretmek usuly) netijesini zaýalamak üçin «Nightshade» bilen «zäherlenen» 100-e golaý nusga gerek.

«Bu birleşigi dolandyryp we ony ýoýup, modellere sygyrlaryň dört tegelek tekeri, bamperi we goş goýulýan bölümi (bagažnik) bardygy hakynda pikir etdirip bilersiňiz. Sygyr çekmek haýyş edilende, olar sygryň ýerine uly «Ford» awtoulagyny çekerler» diýip, professor Çžao düşündirdi.

Innowasiýanyň awtorlary beýle usul bilen döredijilikli emeli aňa esaslanýan işewürligi ýok etjek bolmaýandyklaryny, diňe model eýeleriniň hudožnikleriň eserlerini neýroulgamlaryny türgenleşdirmek üçin mugt ulanmagynyň öňüni almak isleýändiklerini öňe sürýärler.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
971

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...