Aziýanyň Kubogynyň 1/8 finaly: Iordaniýa soňky goşmaça minutlarda kam-bek etdi. Katar Palestinany utdy

  • 30.01.2024 11:54
  • 8.6k+

Iordaniýanyň milli ýygyndysy 2023-nji ýylyň futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň 1/8 finalynda Yragyň toparyna garşy oýunda ýeňiş gazandy. Duşuşyk Kataryň Doha şäherindäki “Halifa Interneýşnl” stadionynda geçdi we 3:2 hasabynda tamamlandy. Oýnuň esasy wagtyna goşulan ýedi minutdan dördünji minutda iordaniýalylar 2:1 hasabynda utulýardy, ýöne soňky sekuntlarda ýeňiş gazanyp bildiler.

Iordaniýanyň milli toparynyň düzüminde Ý.Al-Naýmat, Ý.Alarab gol geçirdi. Ýeňiş goluny tora N.Al-Raşdan girizdi.
Yrak toparyndan gollary öz hasaplaryna Saad Natik Naji we Aýmen Husseýn ýazdy. Oýnuň 77-nji minutynda Husseýn öz goluny bellän wagty ikinji sary duýduryşy aldy, şonuň üçin yraklylar oýny az düzüm bilen tamamladylar.
Şeýlelik bilen, Iordaniýa ýaryşyň 1/4 finalyna çykdy we indi Täjigistanyň milli topary bilen oýnar.
Beýleki bir oýunda Kataryň milli ýygyndysy Palestinanyň toparyndan üstün çykdy. Duşuşyk Katardaky “El-Baýt” stadionynda geçirildi we 2:1 hasabynda tamamlandy.
Palestinalylar oýnuň birinji ýarymynda hasaby açdylar, Odaý Dabag gol geçirdi. Katarlylar arakesmäniň öňüsyrasy hasaby deňlediler (Al-Haýdos gol girizdi). Oýnuň ikinji ýarymy başlandan dört minutdan soň Akram Afif penaltini ýerine ýetirip, öz toparyna ýeňiş getirdi.
Indiki tapgyrda ýaryşyň hojaýynlary Özbegistan – Tailand duşuşygynyň ýeňijisi bilen oýnar.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......