Qustodio: çagalar TikTok-da YouTube-a garanyňda, 60% wagtyny köp sarp etdiler

  • 30.01.2024 07:43
  • 3k+

2023-nji ýylda 4-18 ýaş aralygyndaky çagalar TikTok-a her gün ortaça 112 minutyny sarp edip, bu bir ýyl mundan öňki 107 minut bilen deňeşdirilende köpdür.

Şeýle-de bolsa, dünýädäki 400 000-den gowrak maşgalanyň we mekdebiň endiklerini öwrenen, ene-ata gözegçiligi üçin programma üpjünçiligini öndürijiniň  hasabatyna görä, YouTube bu demografik toparyň arasynda dünýäniň iň uly akym programmasy bolmagynda galýar.
Şeýle hem hünärmenler çagalaryň OpenAI-iň ChatGPT-y ýaly täze tehnologiýalary ulanyşyna garadylar.
ChatGPT-iň saýty geçen ýyl köp girilişi boýunça 18-nji orunda boldy, dünýädäki çagalaryň takmynan 20% -i oňa girdi. ABŞ-da oňa çagalaryň 18,7% -i girdi we umumy hasapda 32-nji boldy. Awstraliýada iň uly meşhurlyga eýe boldy: 2023-nji ýylda bu saýta çagalaryň 24% -i girdi.
YouTube we onuň YouTube Kids-i täze rekordlar goýdy, ikinjisiniň tomaşa ediliş wagty dünýäde 14% artyp, bir günde ortaça 96 minut boldy. Bu Qustodio-nyň 2019-njy ýylda maglumat ýygnap başlaly bäri bellän iň ýokary görkezijisidir. YouTube-yň tomaşa ediliş wagty 70 minut boldy, bu geçen ýylky 67 minutdan köpdür.
Netflix 2023-nji ýylda bahalaryny ýokarlandyran hem bolsa, dünýäniň çagalarynyň arasynda meşhurlygy boýunça ikinji ýerde durýar. Bu hyzmatdan çagalaryň 40% -i peýdalanýar. Birinji ýerde çagalaryň 63% -i tarapyndan ulanylýan YouTube, üçünji ýerde Disney + durýar. Oňa çagalaryň 20%-i girdi.
Çagalaryň arasynda sosial media programmalaryny ulanmak 2023-nji ýylda has meşhur bolup, olaryň zyýanlydygy ene-atalary we kanun çykaryjy edaralary alada goýýar. TikTok bu kategoriýadaky programmalaryň arasynda iň meşhury bolmagynda galýar, ony çagalaryň 44% -i ulanylýar, Facebook bolsa meşhurlygy boýunça ikinji ýerde, ondan çagalaryň  38%-i peýdalanýar.
Geçen ýyl Twitter rembrendingiň netijesinde bu demografik toparyň 38%-i X platformasyny ulanyp, bu 2022-nji ýyldaky 30%-den ýokary boldy.
Metanyň WhatsApp-i iň meşhur habarlaşma programmasy bolmagynda galýar. Bu dünýädäki çagalaryň 37% -i tarapyndan ulanylýar.
Şeýle hem hasabatda ene-atalaryň çagalary tarapyndan tehnologiýalaryň ulanylyşyna gözegçilik etmek we monitoring meselesine nähili çemeleşmelidigi hem-de geljekde nämä garaşmalydygy baradaky sowallara deglip geçilýär. Qustodio ene-atalara 2023-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli AI gurallarynyň ýaýramagynyň ýylda 40% töweregi artmagynyň mümkindigini duýdurdy, emma kiçi ýaşly çagalaryň (10 ýaşdan 13 ýaş aralygy) arasynda diňe 6% -i AI-niň işjeň ulanyjylarydygyny aýtdy.


01.02.2026 10:54
1k+

YouTube emeli aň arkaly döredilen kontenti «arassalap» başlady

YouTube platformasy emeli aňyň kömegi bilen döredilen pes hilli kontentleri bozup başlady. Şu sebäpli platformadan eýýäm iki uly kanal ýitdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär. Wideomontaž üçin «Kapwing» hyzmatynyň hasabatyna görä, 5,9 million agzasy bolan CuentosFacianantes kanaly bozuldy...

16.05.2025 16:03
2k+

TikTok AI Alive emeli aň funksiýasynyň kömegi bilen suratlary janlandyrmagy öwrendi

TikTok sosial ulgamynda emeli aňyň esasynda täze TikTok AI Alive guraly peýda boldy. Ol adaty suratlary owadan effektler bilen gysga hereketli wideolara öwürmäge mümkinçilik berýär. Bu funksiýa eýýäm Stories bölüminde elýeterli bolup, platformanyň ulanyjylaryna öz döredijiligini görkezmek üçin täze mümkinçilikleri berýär...

şu gün 18:26
210

Hytaýyň Unitree H1 roboty tizlik rekordyny goýdy — 36 km/sag tizlige ýetdi

Hytaýyň adam şekilli Unitree H1 roboty sekuntda 10 metre çenli tizligini artdyryp, androidleriň arasynda tizlik rekordyny goýdy. Bu barada «Humanoids Daily» neşiri habar berýär....

şu gün 17:02
669

Süýdemdirijileriň ata-babalary ýumurtga basyp köpelipdirler: bu 250 million ýyl mundan ozal bolupdyr

Halkara alymlar topary takmynan 250 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen süýdemdirijileriň gadymy ata-babasy bolan listrozawryň embrionyny öz içine alýan ýumurtga tapdylar diýip, PLOS ONE neşiri habar berýär....