Türkmenistanly futbol eminleri CAFA-nyň maslahatynda hünär kämilligini artdyrdylar

  • 29.01.2024 21:02
  • 6.5k+

Türkmenistandan FIFA-nyň üç emini Daşkentde Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) eminlik maslahatyna gatnaşyp, hünär başarnygyny ýokarlandyrdylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

CAFA-nyň metbugat gullugynyň habaryna görä, maslahatyň dowamynda Owganystandan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan eminler FIFA-nyň 2024-nji ýyldaky futbol ýaryşlaryna girizen üýtgeşmeleri bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, forum türkmen eminlerine beýleki ýurtlardan kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga we halkara oýunlaryna eminlik etmek üçin gymmatly teklipleri almaga mümkinçilik berdi.
Maslahata Türkmenistandan FIFA futbol eminleri Resul Mämmedow, Arslan Goşşanow we Çarymyrat Gurbanow dagy gatnaşdylar.
Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasy Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) bölümidir. Ol 2014-nji ýylyň 10-njy iýunynda esaslandyryldy we resmi taýdan 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda işläp başlady. Häzirki wagtda CAFA-nyň hatarynda Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň futbol federasiýalary bar.


şu gün 16:18
3.1k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

şu gün 08:03
2k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......