Google Pixel 8 Pro bedeniň gyzgynlygyny ölçemek aýratynlygyna eýe boldy

  • 29.01.2024 15:30
  • 4.7k+

Google özüniň Pixel 8 Pro smartfonyna bedeniň gyzgynlygyny ölçemäge mümkinçilik berýän täze aýratynlyk goşdy diýip, PhoneArena-a salgylanýan Ferra habar berýär.

Bu täzelik Pixel Feature Drop täzelenmesinde elýeterli boldy.
Enjamyň içindäki termometr indi ulanyjynyň bedeniniň gyzgynlygyny ölçäp biler. Ölçemekligi telefony ulanyjynyň maňlaýyna goýmak we haýallyk bilen dulugyna tarap süýşürmek bilen başlamaly.
Programmany ilkinji gezek ulanmazdan ozal, kamera goşmaça rugsatlary bermeli.

Şeýle hem, temperaturasy ölçelýän adamyň ýaş toparyny saýlamak maslahat berilýär: 0-3 aýlyk, 3-36 aýlyk ýa-da 3 ýaşdan ýokary.
Netijeler kadaly, ýokary ýa-da çenden ýokary temperaturanyň reňk diapazonlarynda  görkezilýär, soňra ol enjama we Fitbit yzarlaýjylaryna ýazga alnyp bilner.
Häzirlikçe bu aýratynlyk diňe ABŞ-da elýeterlidir, sebäbi bu aýratynlyk üçin Google-yň sertifikaty çäklidir we işjeňleşdirme ulanyjynyň SIM kartasynyň ýerleşýän ýerine baglydyr. Şonuň üçin Pixel 8 Pro-nyň ulanyjylary ABŞ-dan başga ýerde bu aýratynlygy häzirlikçe ulanyp bilmezler.


07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.7k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
2k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...