Gurbanguly Berdimuhamedow 2024-nji ýylda ileri tutulýan ugurlar bilen bagly edilmeli işleri maslahatlaşdy

  • 28.01.2024 00:27
  • 16k+

27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-Prezidenti R.Bazarow, Türkmenistanyň Halk  Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy K.Babaýew gatnaşdy. Iş maslahatynda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkymyzy jebisleşdiriji we täze işlere ruhlandyryjy güýç hökmünde öňlerinde durýan wezipeler, ýerine ýetirilmeli işler, şeýle hem ýurdumyzy durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde 2024-nji ýylda ileri tutulýan ugurlar bilen baglanyşykly alnyp barylmaly işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň milli parlamenti, jemgyýetçilik birleşikleri, döwlet edaralary bilen alnyp barylmaly işleriň döredijilikli, anyk meýilnama esasynda dowam etdirilmegine wajyp ähmiýet berdi. Her bir alnyp barylýan işleriň halk köpçüligine ýetirilmegine, islendik kärde döredijilikli zähmet çekýän ýurdumyzyň raýatlaryny geljekki üstünliklere ruhlandyrmagyň ägirt uly ähmiýetine üns çekildi.
Iş maslahatyň dowamynda Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işiniň wajyp ähmiýetine üns çekildi.


düýn 16:02
866

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......