99 ýaşly kanadaly suwda ýüzüji üç dünýä rekordyny täzeledi

  • 27.01.2024 16:07
  • 17k+

99 ýaşly kanadaly suwda ýüzüji Betti Brýussel öz ýaş toparynda (100-104 ýaş) üç dünýä rekordyny täzeledi. Rekord Kanadanyň Saaniç şäherinde geçirilen ýaryşda goýuldy. Ol 400 metr aralygy erkin usul bilen öňki rekord eýesinden tas dört minut çalt ýüzüp geçdi. Bu barada “The Guardian” neşirine salgylanyp, championat.com habar berýär.

Şeýle-de, Brýussel 50 metr aralyga arkanlygyna we brass usuly bilen ýüzmek dissiplinalarynda iň gowy wagty görkezdi. Ýaryş tamamlanandan soň, ol sportuň bu görnüşinden lezzet alýandygyny, ýaryşlara gatnaşmagyň bolsa özüni begendirýändigini aýtdy.
Brýussel öz ýaşyna garamazdan hepdede iki gezek basseýnde türgenleşik geçýär. Ol ýönekeýleşdirilen tertipde we tälimçisiz meşgullanýar. Onuň köp sanly muşdaklary bolup, olar bilen yzygiderli duşuşyklary geçirýär.


15.06.2026 14:15
7.8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.8k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

01.06.2026 17:02
6.8k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......