Apple ilkinji bolup öz önümlerine täze innowasion prosessorlary ornaşdyrar

  • 27.01.2024 16:05
  • 4.2k+

Apple TSMC-niň geljekki 2-nm tehnologiýa prosesi boýunça döredilen çiplere eýe boljak ilkinji kompaniýa bolar. Bu barada DigiTimes-den taýwanly analitikleriň hasabatyna salgylanyp, MacRumors neşiri habar berýär. TSMC-niň 2025-nji ýylyň ikinji ýarymyndan başlap 2-nm çipleri öndürip başlamagyna garaşylýar diýip, gazeta.ru habar berýär.

Tehnologiýa prosesiniň ölçeginiň kiçelmegi tranzistorlaryň kiçelmegine getirer. Tranzistor näçe kiçi bolsa, şonça-da köp olary çip meýdanynda ýerleşdirmek bolar. Şeýle tendensiýa has kiçi tehnologiýa prosesi boýunça öndürilen çipleriň has uly güýje eýe bolmagyna, ýöne şol bir wagtyň özünde energiýany az sarp etmegine getirýär.
2023-nji ýylda Apple öz iPhone we Mac gurluşlary üçin 3-nm çipleri girizdi. 5-nm tehnologiýadan 3-nm tehnologiýa geçmek grafiki prosessoryň tizliginiň 20% we hasaplaýyş prosessorynyň tizliginiň 10% ýokarlanmagyna getirdi.
TSMC 2-nm çipleriň önümçiligi üçin iki sany täze zawod gurýar we üçünjiniň gurluşygyna rugsat almagyň üstünde işleýär. TSMC, adatça, uly sargytlary ýerine ýetirmek üçin önümçilik kuwwatyny artdyrmak zerur bolan ýagdaýynda täze zawod gurýar.
2-nm çipleriň önümçiligi başlanandan soň, TSMC 1,4-nm topologiýasy bilen çipleriň önümçiligine girişmäge taýýarlanýar. Gürrüňlere görä, kompaniýa bu çipleri işläp taýýarlamaga eýýäm girişdi. Olar 2027-nji ýyldan ir çykmaz.


10.03.2026 08:10
3.6k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.4k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

02.03.2026 10:55
5.5k+

Gijäň bir mahaly gelýän jaň iPhone ulanyjylaryny gorkuzdy: Apple-iň maslahaty

iPhone-da gaty geň, hatda, jady-tilsime meňzeş bökdençlikler peýda boldy. Hytaýdaky ulanyjylar telefonlarynyň gijelerine, takmynan sagat 02:00 töwereklerinde öz-özünden jaň edip başlaýandygyny habar berdiler. Enjamyň eýeleriniň biri jaň sesinden we: «Jaň eden abonentiňiz wagtlaýynça elýeterli däl» diýen sesli habardan oýanandygyny gürrüň berdi...