“Dialog - parahatçylygyň kepili” forumynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi

  • 27.01.2024 16:40
  • 2.6k+

2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen "Dialog - parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilip, guramanyň 6 resmi dilinde ýaýradyldy.

Resminamanyň doly mazmuny bilen bellenen salgyda tanşyp bilersiňiz: https://undocs.org/home/mobile?finalsymbol=a/78/694.
Resminama BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň "Parahatçylyk medeniýeti", “Dünýä gurluşy we parahatçylygy goldamak”, “Merkezi Aziýa parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy” gün tertibiniň bölüminde çap edildi.
Resminama Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen 2023-nji ýyl “Dialogyň kepili hökmünde parahatçylygyň halkara ýyly”  ählumumy kampaniýasynyň netijelerine ýokary baha bermek bilen, BMG-niň Baş sekretarynyň “Biziň ählimiziň gün-tertibimiz” atly nutugyny ilerletmekde onuň ähmiýetli ornuna üns çekýär. Bu ählumumy başlangyç parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýörelgelerini öňe sürmäge, döwletleriň arasynda ynamy we dialogy berkitmek hem-de ösdürmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Şeýle-de, resminamada parahatçylygy, raýdaşlygy hem-de sazlaşygy gazanmakda syýasy gepleşiklere, dialoga we döwletleriň arasyndaky  ynama ähmiýet berilmegi ündelýär.
Resminamada gapma-garşylyklary aradan aýyrmakda dialogyň orny, inklýuziw we durnukly geljegi üpjün etmekde ýaşlaryň hem-de zenanlaryň dialogynyň möhüm ähmiýeti beýan edilýär.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....