Rumyniýa “Ýewrowideniýe – 2024” bäsleşigine gatnaşmaz

  • 27.01.2024 14:57
  • 4.6k+

Rumyniýa şu ýyl “Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmaz. Bu barada Rumyniýanyň telewideniýesiniň Dolandyryş geňeşine salgylanyp, TASS habar berýär.

“Maliýe kynçylyklary we Rumyniýany ýokary derejede görkezmek islegi Dolandyryş geňeşiniň Rumyniýanyň telewideniýesiniň şu ýylky “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmajakdygy baradaky çözgüdiniň sebäbidir. Çözgüt mejlisde bäş goldaýan ses, dört garşy ses we dört saklanma bilen kabul edildi” – diýlip, habarda görkezilýär.

Şeýle-de, Dolandyryş geňeşi Rumyniýanyň telewideniýesiniň 2024-nji ýyl üçin býujetini tassyklady we “onda Rumyniýanyň halkara bäsleşiginde ýokary ülňülere laýyklykda gatnaşmagyny kepillendirmek üçin ýeterlik serişde ýok”.
Rumyniýa bäsleşige 1993-nji ýyldan bäri gatnaşyp gelýär. Rumyniýalylaryň iň gowy netijeleri – üçünji orun (2005-nji we 2010-njy ýylda), şeýle-de dördünji orun (2006-njy ýylda).
2024-nji ýylda “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigi 7, 9 we 11-nji maýda Malmýoda geçiriler.


17.05.2026 14:15
6k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 12:10
3.4k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi....

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......

01.04.2026 11:20
1.8k+

«Ýewrowideniýe» Aziýada ilkinji aýdym-saz bäsleşigini geçirýändigini yglan etdi

Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşigi «Ýewrowideniýe Aziýa» atly täze aýdym-saz bäsleşiginiň döredilýändigini mälim etdi. Bäsleşigiň final tapgyryny 14-nji noýabrda Bangkokda geçirmek meýilleşdirilýär....