Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň gubernatory Türkmenistanyň DIM-inde duşuşyk geçirdi

  • 27.01.2024 14:48
  • 3.9k+

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň gubernatory Ýakub Ali Nazari bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Eýran bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara ynama eýe bolan häsiýetini belläp, onuň yzygiderli we depginli ösdürilmegine ýokary derejedäki gepleşikleriň täsir edýändigini nygtadylar.
Taraplar iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmasyny beýan etdiler.  Bu babatynda Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň arasynda gol çekilen Ähtnama üns çekildi.
Duşuşykda Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň gubernatorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň ozal gol çekilen resminamany iş ýüzünde durmuşa geçirmekde wajyp ähmiýete eýedigi hem bellenildi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......