«Ýaponiýanyň gözeli» bäsleşiginde ukrain gelip çykyşly gyz ýeňiji boldy

  • 27.01.2024 09:47
  • 25k+

Ukrain gelip çykyşly 26 ýaşly Karolina Siino «Ýaponiýanyň gözeli» bäsleşiginde ýeňiji boldy. Bu barada gazeta.ru News on Japan portalyna salgylanyp habar berýär.

Neşiriň habar bermegine görä, gyz Ukrainanyň Ternopol şäherinde dünýä indi. Ol bäş ýaşyndaka maşgalasy bilen Ýaponiýa göçdi we Aýti prefekturasynyň Nagoýa şäherinde ulaldy.
Siino ýeňşinden soň, ilkinji nobatda, Ýaponiýa göçüp gelen ejesine sag bolsun aýdýandygyny aýtdy.
Ol şatlygyny ilkinji nobatda kim bilen paýlaşmak isleýändigi baradaky soraga: «Maşgalam, esasanam ejem bilen. Ilki bilen oňa: «Eje, Baş baýraga mynasyp boldum» diýesim gelýär» diýip, jogap berdi.


01.09.2025 17:05
5.4k+

Daşkentde ýaponiýaly binagär Tadao Andonyň taslamasy boýunça muzeý gurlar

Ýaponiýaly binagär, abraýly Pritzker baýragynyň eýesi Tadao Ando Özbegistanyň Milli muzeýiniň binasyny taslar. Muzeý 2028-nji ýylyň martynda Daşkentde açylar diýip, Hypebeast ýazýar. Bu Andonyň Merkezi Aziýada ilkinji taslamasy bolar...

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....