Türkmenistanda okuwçylaryň arasynda Halkara bilim güni mynasybetli ders bäsleşikleri geçiriler

  • 26.01.2024 13:21
  • 6.6k+

Her ýylyň 24-nji ýanwarynda dünýäniň ýurtlarynda bellenilip geçilýän Halkara bilim güni mynasybetli Türkmenistanda ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçiriler. Bäsleşikler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guralýar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. 

Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis we türkmen dilleri boýunça olimpiadalar «Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar» diýen şygar astynda geçiriler.
Olimpiadalarda çykyş etmek isleýän ýokary synp okuwçylaryna hgi.charetm@gmail.com salgy boýunça çäräniň guramaçylyk toparyna şu ýylyň 20-nji martyna çenli gatnaşmak üçin haýyşnamalaryny ugratmagy zerurdyr. Olimpiadalara çakylyk bellige alnan okuwçylara olaryň haýyşnamalarynda görkezen elektron poçtalarynyň salgylaryna 3-nji aprele çenli ugradylar.
Mekdep okuwçylary üçin bäsleşikler onlaýn görnüşde bolar hem-de paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda apreliň dowamynda iki tapgyrda geçiriler. Olimpiadalaryň geçiş tertibi, gatnaşmak üçin haýyşnamalary ýazmagyň nusgasy hem-de beýleki peýdaly maglumatlar Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň www.iirmfa.edu.tm saýtynyň Bilim bölüminde ýerleşdirilendir.
Olimpiadalaryň I, II we III orunlaryna mynasyp bolan ýeňijileri we baýrak eýeleri, şeýle hem bäsleşiklerde ýokary netijeleri görkezen höweslendiriji orunlara mynasyp bolanlar Türkmenistanyň ýokary diplomatiýa mekdebiniň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen 2024-nji ýylyň 8-nji maýynda ýurduň DIM-niň HGI-de geçiriljek «Açyk gapylar» gününde sylaglanarlar.


şu gün 14:46
281

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

şu gün 08:05
2.1k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
4.9k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.2k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......