“Dedpul 3” filminiň surata düşürilişi resmi taýdan tamamlandy

  • 25.01.2024 23:45
  • 8.3k+

Aktýor Raýan Reýnolds X sosial ulgamynda “Dedpul 3” filminiň surata düşürilişiniň resmi taýdan tamamlanandygyny habar berdi. Baş keşbi ýerine ýetiriji lentanyň üstünde işlänleriň ählisine, şol sanda Hýu Jekmana we režissýor Şon Lewä minnetdarlyk bildirdi diýip, championat.com habar berýär.

“...Biziň filmimiziň ýel, ýagyş, iş taşlaýyşlar bilen göreşen aktýorlaryna we surata düşüriji topara uly hem baky minnetdarlyk – Hýu Jekmana aýratyn minnetdarlygymy bildirýärin. Ähli işler Şon Lewiniň berk ýolbaşçylygynda bolup geçdi”.

“Dedpul 3” filminiň sýužeti barada maglumatlar heniz belli däl, ýöne wakalar wagt taýdan syýahaty we alternatiw älemleri öz içine alyp biler. Häzirki wagtda muşdaklar üçin bu Marvel Studios-yň iň köp garaşylýan filmidir.
Dünýä prokatynda lentanyň premýerasy 26-njy iýulda bolar.

şu gün 20:25
86

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
230

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
549

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......