“Kalmar oýny” serialynyň ikinji möwsümi 2024-nji ýylda çykar

  • 25.01.2024 17:20
  • 9.8k+

Netflix kompaniýasy maýadarlar bilen gürrüňdeşlikde “Kalmar oýny” serialynyň ikinji möwsümini şu ýylyň ahyryna çenli çykarmagy meýilleşdirýändigini aýtdy, ýöne takyk senäni heniz mälim etmedi.

Şeýle-de, serwis şu ýyl “Imperator aýal”, ‘Brijertonlar” we “Diplomat” seriallarynyň täze möwsümlerini çykarmak isleýär.

“Öňe tarap ylgamak bilen, belläp geçsek, käbir taslamalary yza süýşüren geçen ýylky iş taşlaýyşlara garamazdan, biziň 2024-nji ýyl üçin uly meýilnamalarymyz bar” – diýip, Netflix belleýär.

“Kalmar oýny” serialy ilkinji gezek 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Netflix-de görkezildi we global hadysa öwrüldi. Bu serial tutuş dünýä boýunça adamlary haýran etdi. Ol çykan gününden 28 günüň dowamynda 1,65 mlrd sagatdan gowrak tomaşa ýygnady.

şu gün 20:25
86

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
230

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
549

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......